Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa Hytaý formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa  Hytaý formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Hytaý formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Hytaý birinji sammitinde eden çykyşynda belledi diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamak hem-de içerki işlerine gatyşmazlyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Dünýä bileleşiginiň terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, kiber we biohowpsuzlyk ulgamlaryndaky täze wehimlere garşy durmak boýunça görýän çärelerini goldaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow netijeli, hormatlamak esasyndaky we deňhukukly gatnaşyklara taýýarlygyň hem-de ukyplylygyň görkezijisi bolup durýan syýasy medeniýetiň möhümdigini aýratyn belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti medeniýetiň hormatlamak gatnaşyklarydygyna, parahatçylykly we ynanyşykly ýaşaşmagy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemek däplerine ygrarlylykdygyna berk ynanýandygyny we halkara gatnaşyklaryň täze fiosofiýasyny öňe sürmekde köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrülmäge ukyplydygyna düşünýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa iş sapary tamamlandy
AŞGABAT MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNY WE HYTAÝY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI ÇAGYRDY
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy
Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý sammiti öz işine başlady