Aşgabat şäherine täze prokuror bellenildi

Aşgabat şäherine täze prokuror bellenildi

Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün — 14-nji fewralda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň täze prokuroryny wezipä belledi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
05.09.2019 | Resmi habarlar