Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji tapgyrynda işler gyzgalaňly barýar

Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji tapgyrynda işler gyzgalaňly barýar

Altyn nesil hojalyk jemgyýeti Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji böleginiň gurluşygyna ýakyndan gatnaşýar ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti boýunça işçileriň müňüsi, dürli kysymly awtoulaglaryň 500-e golaýy bu işe gatnaşýar.Toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu işlerde inženerçilik talaplaryna uly üns gönükdirilip, öňi bilen, çägeden düşek ýazylýar.Soňra 1-nji, 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygynyň 30 santimetr, 3-nji hem-de 4-nji gatlaryň hersiniň galyňlygynyň 20 santimetr bolmagy gazanylýar.

Häzirki günlerde ýoluň gürrüňi edilýän hojalyk jemgyýetine degişli böleginiň 40 kilometrine çäge düşemek işleri tamamlanyp, onda degişli işler alnyp barylýar. Ýoluň daş-çagyl düşegi doly taýýar edilen ýerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň badalga bermeginde asfalt düşemek işine girişildi. Ýeri gelende, daş-çagyl düşegi taýýar bolan ýerde 1-nji gatyna 10 santimetr, 2-nji gatyna 7 santimetr, 3-nji gatyna 5 santimetr galyňlykda, jemi 3 gat asfalt düşelýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda ýoluň 222-nji, 223-nji, 225-nji, 227-nji, 230-njy kilometrlerinde taslama çözgütlerine laýyklykda, göz öňünde tutulan dürli ölçegdäki demir-beton ötükleri gurnamak, demir dokamak we betonlama işlerine uly ähmiýet berilýär.

Ýoluň gürrüňi edilýän hojalyk jemgyýetine degişli aralygyndaky böleginde ýolüsti köprüler, aýlawly köpri, beýleki birnäçe çylşyrymly desgalar, şeýle-de ýol ugrundaky töleg terminallary, ulag serişdelerine hyzmat ediş nokatlary, ýangyç bekedi gurlar.

Ýoluň gurluşygynda ulanylýan çäge-çagyl garyndysynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki Kän müdirliginden getirilmegi ýol üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna we işiň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.Asfalt zawodlarynyň ikisi bolsa hojalyk jemgyýetiniň işgärlerine ýoluň gurluşygynda gerek möçberdäki asfalty ýokary hil derejesinde taýýarlamaga ýardam edýär. Ýol gurluşyk işleriniň gowşamaýan depginde alnyp barylýandygy gurluşykçy hünärmenleriň özlerine ynanylan işleri bellenilen wagtda tamamlajakdyklaryna bolan ynamy artdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şekillendiriş sungaty eserlerindäki çeper beýany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň 4 welaýatynda 23-nji martda, Daşoguzda bolsa 30-njy martda gowaça ekişi başlanar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmen milli senenamasynda kiçi çille döwri başlady
Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta hasyly ýygnalar