Aşgabatda 40 ýaşy dolmadyk zenanlaryň awtoulag satyn almagyny ýaşyrynlykda gadagan etdiler

Aşgabatda 40 ýaşy dolmadyk zenanlaryň awtoulag satyn almagyny ýaşyrynlykda gadagan etdiler

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” redaksiýasyna sürüjilik şahadatnama almak ýa ony çalyşmak isleýän zenanlaryň kemsidilmeginiň nobatdaky akymy barada maglumatlar gowuşýar.

“TH-niň” çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, IIM-niň işgärleri ýaşyryn görkezmäni ýerine ýetirýärler. Oňa görä, 40 ýaşy dolmadyk zenanlar ne awtoulag satyn alyp bilýärler we awtoulahy öz atlaryna geçirip bilmeýärler.

Aşgabadyň 11-nji ýaşaýyş etrapçasynda ýerleşýän we sürüjilik şahadatnama berilýän hem çalşylýan polisiýa merkezinde 35 ýaşa çenli zenanlar üçin päsgelçilik döredýärler.Olar sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmakçy bolanlarynda ene-atalaryndan (ýa başga hossarlaryndan) awtoulagyň eýesidigi barada resminama, şeýlede awtoulagy ulanmak barada onuň eýesinden güwänama getirmegi talap edýärler. Çünki, zenanlaryň özleri awtoulagyň eýesi bolup bilmeýärler diýip polisiýa aýdýar.Hatda, ähli zerur resminamalary hödürleseňde, sürüjilik şahadatnamany çalyşmagyň näbelli möhlete uzamagy ähtimal.

Şol bir wagtda, mälim bolan wakalara görä, 5 müňe golaý dollar tölän ýaşy kiçi bolan zenanlara sürüjilik şahadatnama berilipdir ýa könesini çalşypdyrlar we olaryň adyna awtoulagy hasaba alypdyrlar.

Bellesek, Türkmenistanda wagtal-wagtal zenanlara sürüjilik şahadatnama bermek ýa olaryň möhletini uzaltmak babatda ýaşyryn gadaganlyk girizilýär.

Geçen ýylyň ýanwarynda 40 ýaşdan kiçi zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini täzeden uzaltmaga başlapdylar.The post Aşgabatda 40 ýaşy dolmadyk zenanlaryň awtoulag satyn almagyny ýaşyrynlykda gadagan etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
Diňle: TH: Aşgabatda Russiýa okamaga barýan ýaşlar uçara goýberilmedi
TH: Aşgabatda Russiýa okamaga barýan ýaşlar uçara goýberilmedi
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy
'Gyzgyn pese düşmeýär'. Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň dümewi ýaýraýar
Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy