TH: Aşgabatda Russiýa okamaga barýan ýaşlar uçara goýberilmedi

TH: Aşgabatda Russiýa okamaga barýan ýaşlar uçara goýberilmedi

3-nji ýanwarda Aşgabadyň aeroportunda Russiýa okamaga barýan ýaşlaryň bir topary uçara goýberilmän, olaryň Türkmenistandan çykmagyna rugsat berilmedi. Bu barada garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

“Ýaşlar Moskwa uçmak üçin pasport barlagynda geçmekçi bolanda, olar talyplaryň gyşda Russiýada hiç hili işi ýok’ diýen sözler bilen yzyna gaýtaryldylar. Olaryň rus wizasynyň we ähli zerur resminamalarynyň bardygyna garamazdan, olara [ýurtdan] gitmek gadagan edildi” diýip, neşir 3-nji ýanwarda çap eden maglumatynda belleýär.

Maglumata görä, Russiýanyň uniwersitetlerine okuwa kabul edilen bu raýatlar Aşgabatdaky rus konsulhanasynda rus wizasyny almak ugrundaky uzyn nobat sebäpli sentýabr aýynda Moskwa okamaga gidip bilmändirler.

Azatlyk bu waka barada özüniň ýurt içindäki habarçylaryndan we çeşmelerinden häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bilmedi. Redaksiýanyň bu barada Aşgabadyň aeroporty bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne Türkmenistanda Russiýa gitmek üçin resminamalary we wizalary almak boýunça nobatlar birnäçe ýyl bäri saklanyp galýar. Habarçylarymyz soňky aýlarda bu nobatlaryň has-da ulalandygyny aýdyp, bu babatdaky kynçylyklar barada habar berip gelýärler.

Geçen ýylyň oktýabrynda Mary welaýatyndaky habarçymyz Russiýanyň uniwersitetlerinde okuwa kabul edilen ýaşlaryň diňe ýurtdan çykmak üçin azyndan 50 müň manat çykdajy etmelidigini, munuň aglabasynyň wiza, bilet we resminama almak üçin berilýän paradygyny aýdypdy.

Iki ýyla golaý wagt bäri Kreml Ukrainanyň çäginde söweş alyp barýan wagtynda Russiýadaky uruş mobilizasiýasynyň töwekgelçiligine we migrantlara garşy reýdlere garamazdan, türkmenistanlylar işlemek, okamak ýa-da ýaşamak üçin Russiýa gidýärler.

Türkmenleriň işlemek ýa-da ýaşamak üçin köpçülikleýin Russiýa gitmegine, habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik sebäp bolýar.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň daşary ýurtlara gitmeginiň öňüni almak ugrundaky çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Ýokary bilim üçin daşary ýurda barýan ýaşlaryň düşündiriş berilmezden, uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri “ýaşlaryň watanyň beýik geljeginiň gurujylarydygyny” aýdyp, olaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini tekrarlaýarlar. Ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň körler we kerler jemgyýeti eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigini aýdyp, ilatdan kömek soraýar
Putin we Aliýew 22-nji aprelde Moskwada gepleşikleri geçirer
Putin Eýranyň Kirman Şäherinde Guralan Terror Hüjümini Ýazgardy
Putin Belgorod şäherine guralan hüjüm barada beýannama berdi
2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?
Russiýa göçmek isleýän raýatlar prosesiň durgunlaşandygyny aýdýar