Aşgabatda agyz suw işgärleriniň aýlyklary we döwlet kömek pulunyň möçberi duýdansyz kemeldildi

Aşgabatda agyz suw işgärleriniň aýlyklary we döwlet kömek pulunyň möçberi duýdansyz kemeldildi

Türkmenistanyň paýtagtynda "Aşgabat agyz suw birleşiginiň" işgärleriniň zähmet haklary duýdansyz 30%-e çenli kemeldildi. Bu barada işgärler oktýabr aýy üçin zähmet haklary berlende bilip galdylar. Şeýle-de, ýurtda çaga seretmek üçin berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi hem azaldyldy. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.

Birleşigiň habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ençeme işgäri oktýabr aýyndan başlap zähmet haklarynyň 15%-den 30%-e çenli azaldylandygyny aýdyp, bu barada özleriniň noýabryň üçünji ongünlüginde habarly edilendigini gürrüň berdi.

Olaryň sözlerine görä, "Aşgabat agyz suw birleşiginiň" öňki başlygy işden boşadylandan soň, onuň deregine wezipä bellenen täze resmi 21-nji noýabrda ýygnak geçirdi.

Ýygnakda ol işgärleriň çekýän zähmetinden has köp aýlyk alýandygyny belläp, bu "kemeldilmäniň möçberiniň köp däldigini we talaba laýykdygyny" aýtdy.

"Siz 800 manatlyk işleýärsiňiz, ýöne size 1700 manat hak tölenýärdi. Şonuň üçin size oktýabr aýyndan 1050 manat tölenýändigine begeniň we şükür ediň. Täze ýyldan zähmet haklary ýene 10% ýokarlandyrylar, häzir bu aýlyga razy boluň we kanagat ediň" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygynyň soran bir işgär birleşigiň resmisiniň sözlerini sitirledi.

Mundan başga-da, birleşigiň nasos dolandyryş bölüminiň işgärleri öz maddy çykdajylarynyň hasabyna nasos klapanyny satyn almaga, nasos otagyny boýamaga we abatlamaga borçly edildi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada "Aşgabat agyz suw birleşigi" bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz çaga seretmek üçin berilýän döwlet kömek pulunyň möçberiniň hem azaldylandygyny habar berýär.

"Mundan ozal bir çaga üçin 180 manat tölenýärdi. Ýöne noýabr aýyndan diňe 170 manat töläp başladylar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran aşgabatly bir ene 22-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine laýyklykda, döwlet tarapyndan aýal maşgalalar çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary bilen üpjün edilýär.

Bellesek, aýlyklaryň we çaga berilýän döwlet kömek pulunyň kemeldilendigi baradaky maglumatlar Türkmenistanyň prezidenti ýurtda beýlekiler bilen bir hatarda, zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky permana gol çekenden bir ýarym aý çemesi soňa gabat geldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji oktýabrda gol çeken permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylýar.

Türkmen hökümetine ýakyn "Türkmenportal" neşiri hem, täze ýyldan çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň 27%-den gowrak ýokarlanýandygyny we her bir çaga üçin her aýda 292 manat 50 teňňe töleniljekdigini habar berdi.

"Häzirki wagtda ady agzalan döwlet kömek puly 230 manat 10 teňňe möçberinde tölenilýär" diýip, neşir 22-nji noýabrda çap eden habarynda belleýär.

Azatlyk Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Pensiýa gaznasy bilen habarlaşyp, çaga seretmek üçin berilýän döwlet kömek pulunyň kemeldilmegi we gapma-garşy sanlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda işgärleriň zähmet haklarynyň duýdansyz kemeldilmegi bilen bagly Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda psihiatrlaryň aýlygynyň kemeldilip, pandemiýa garşy göreşýän lukmanlara goşmaça hak tölenýändigi mälim boldy.

Maý aýynda habarçylarymyz Lebapdaky saglyk işgärleriniň aprel aýy üçin zähmet haklarynyň 20% kemeldilendigi barada maglumat berdiler. Mundan ozal, ýurduň gündogar welaýatyndaky saglyk pudagynyň işgärleriniň aýlyklary ýanwar we fewral aýlarynda-da adatdakysyndan has az berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär
Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi
Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy
Umumy saýlaw biperwaýlygynyň’ arasynda, Türkmenistan parlament saýlawlaryna barýar