Aşgabatda býujet işgärleriniň aýlyklary gijikdirilýär, käbiri tölegsiz zähmet dynç alşy bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Aşgabatda býujet işgärleriniň aýlyklary gijikdirilýär, käbiri tölegsiz zähmet dynç alşy bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Aşgabadyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ençemesi işgärleriň zähmet haklaryny indi iki aý bäri bermeýär.Käbir edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bolsa, işgärleriň aglabasynyň tölegsiz zähmet dynç alşyna goýberiljekdigini duýdurdylar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Býujet edaralarynyň köpüsinde işgärleriň aýlyklary ýene saklanýar.

Käbir edaralar işgärleriň zähmet haklaryny indi iki aý bäri bermeýär. Şeýle işgärleri sany ýüzlerçe adama barabar. Şeýle-de, käbir edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärleriň aglabasynyň tölegsiz zähmet dynç alşyna goýberiljekdigini hem duýdurdylar.

Olaryň näçe aýlyk tölegsiz zähmet dynç alşyna iberiljekdigi barada hiç zat aýdylmaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 16-njy oktýabrda gürrüň berdi.Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän edara-kärhanalaryň ady we ýerleşýän ýeri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy häzirki wagt işgärleriň aglabasynyň howsalaly ýagdaýdadygyny, sebäbi tölegsiz zähmet dynç alşyna goýberilýän işgärleriň soňy bilen gaýtadan işe çagyrylmazlygynyň mümkindigini aýdýar. “Mundan ozal tölegsiz zähmet dynç alşyna goýberilen işgärler soňy bilen işe alynmandy. Şeýle waka ençeme gezek gaýtalanypdy.

Hususan-da, edara täze ýolbaşçy bellenende, ol öňden bar işgärleriň ýarysyny diýen ýaly tölegsiz zähmet dynç alşyna iberýär.Soňra şol işgärlere derek öz adamlaryny işe getirýär ýa-da şol iş ýerlerini satyp başlaýar” diýip, habarçy belledi.

Galyberse-de, habarçy şu günler tölegli zähmet dynç alşyna çykan käbir býujet işgärleriniň-de öz aýlyklaryny alyp bilmän kösenýändigini aýdýar.Döwlet edara-kärhanalary munuň sebäplerini “býujetde puluň ýoklugy” bilen düşündirýärler. “Aşgabadyň çagalar baglarynyň birinde eneke bolup işleýän bir aýal sentýabr aýynyň başynda zähmet dynç alşyna çykdy.

Ol häzir gaýtadan işe çykýar. Ýöne oňa heniz hem zähmet hakyny bermändirler. Şäher bilim bölümi pul gelen dessine, işgärleriň aýlyklarynyň tölenjekdigini wada beripdir” diýip, habarçy bilim işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi barada degişli türkmen häkimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi.Aýlyklaryň gijikdirilmegi we onuň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi barada ençeme gezek habar berdi.Soňky gezek awgust aýynyň ortalarynda Lebap welaýatynda kombaýn sürüjileriniň şu ýylky galla oragy möwsüminde çeken zähmeti üçin aýlyklaryny alyp bilmän kösenýändigi mälim boldy. “Daýhanlar iýun aýynyň ahyryndan bäri her gün diýen ýaly oba hyzmat edarasyna gatnaýarlar. Ýöne häzirlikçe olara garaşyň’ diýip jogap berýärler” diýip, lebaply habarçy 14-nji awgustda gürrüň beripdi.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi we zähmet haklary plastik bank kartlaryna geçirilen býujet işgärleriniň öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmezligi bilen bagly kösençlikler hem wagtal-wagtal dowam edýär. 8-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatda ilatyň bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Şonda habarçy bankomatlar üçin düzülen nobat sanawynda 350 adamyň ýazylandygyny aýtdy.

Synçylaryň ençemesi Türkmenistanyň soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýändigini aýdýar.Döwlet resmileri muny tassyklap ýa-da inkär edip resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy
Lebapda ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda çäre geçirilip, Hasyl toýy üçin reportaž taýýarlandy 
Mary welaýatynyň edara-kärhanalary ýowar geçirip, arassaçylyk işlerini güýçlendirýär
Aýlyklaryň 10% köpeldilmegi bilen, tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberi ýene artdy
Maryda býujet işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýowar geçirildi
Diňle: Maryda býujet işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýowar geçirildi
Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar