Aýlyklaryň 10% köpeldilmegi bilen, tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberi ýene artdy

Aýlyklaryň 10% köpeldilmegi bilen, tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberi ýene artdy

Türkmenistanda zähmet haklarynyň 10% köpeldilmegi bilen, edara-kärhanalaryň işgärlerinden tutulýan tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberi hem ýene artdy diýip, lebaply býujetçileriň ençemesi aýdýar.

“Geçen hepde sebitiň edara-kärhanalarynyň tas ählisiniň işgärleri ýylyň ilkinji zähmet hakyny ellerine aldylar. Olar şonda aýlyklarynyň iş ýüzünde 10% däl-de, 5% ýokarlanandygyny bilip galdylar” diýip, lebaply býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, munuň sebäbi tutumlaryň we ýygnalýan pullaryň möçberiniň artmagy bilen baglanyşykly.

“Täze ýylyň ilkinji aýynda işgärleriň zähmet hakyndan 10% girdeji salgydy alyndy. Edara ýolbaşçylary munuň sebäbini düşündirmediler, ýöne munuň ýylyň diňe ilkinji aýyna mahsusdygyny aýtdylar. Mundan ozal bu salgydyň möçberi aýlygyň 4%-ne barabardy” diýip, lebaply býujet işgäri belledi.

Mundan başga-da, işgärleriň aýlyklaryndan 2%-i pensiýa fonduna, 3%-ni saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna, 1%-i kärdeşler arkalaşyklaryna we 1%-i ýaşlar guramasyna alyndy.

“Edara ýolbaşçylary işgärleriň aýlygyndan Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti üçin-de 45 manat aldylar. Bu tutum geçen ýyl 30 manada barabardy. Şäheri abadanlaşdyrmak üçin hem 15 manat ýygnadylar” diýip, lebaply býujet işgäri aýtdy.

Azatlykda bu ýagdaýlar bilen Lebabyň haýsy edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ýüzbe-ýüz bolandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10% ýokarlandyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow munuň halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy.

Emma raýatlar bu çäräniň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna hiç hili täsir ýetirmeýändigini, sebäbi 10% goşundynyň ýyl-ýyldan gymmatlaýan durmuş we harytlar bilen bäsleşmekden ejiz gelýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda 15 ýyldan gowrak wagt bäri her ýylyň 1-nji ýanwarynda ilatyň aýlyk haklary 10% ýokarlandyrylýar. Ýöne harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary onlarça göterim gymmatlaýar.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurtda käbir hyzmatlaryň tölegleri 100%-e çenli gymmatlady. 4-nji ýanwarda Lebapdaky habarçylarymyz hojalyklara berilýän suwuň bahasynyň duýdansyz 50 teňňeden 1 manada ýokarlandyrylandygyny aýtdylar. Şeýle-de, sebitde dellekhana hyzmatlarynyň nyrhlary hem takmynan 30% gymmatlady.

Habarçylarymyz ýylyň başyndan bäri esasy iýmit önümleriniň bahalarynyň onlarça göterim gymmatlandygy barada hem ençeme gezek maglumat berdiler. 12-nji fewralda Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň bahasynyň degişlilikde 250% we 150% gymmatlandygy mälim boldy.

Bu ýiti gapma-garşylyk, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, döwlet dükanlarynda azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, ilatyň güzeran eklenjini günsaýyn diýen ýaly agyrlaşdyrýar. Soňky ýyllarda ýurtda dilegçilik edýän, zibil dörýän raýatlar, şol sanda çagalar we garrylar köpelýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamazdan, ýurtda “giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny” ýygy-ýygydan öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanly býujet işgärlerinden ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri üçin pul ýygnalýar
Ýolbaşçylar ýüzünde Berdimuhamedowlaryň suraty bolan goşar sagatlaryny satyn almaga mejbur edilýär
Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi
Aşgabatda býujet işgärlerinden we talyplardan mejbury saglyk barlagy üçin pul toplanýar
Býujet işgärleri palestin halkyna iberilýän haýyr-sahawat kömegine goşant goşmaga mejbur edilýär
Azatlygyň mejbury ýygym baradaky maglumatlarynyň yz ýany, Maryda býujetçileriň we talyplaryň bu işlere çekilmegi ýatyryldy