Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi

Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi

Lebabyň Türkmenabat şäherinde we onuň töwereginde arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi. Býujet işgärleri muňa Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna eden sapary döwründe sebitiň arassaçylygyna nägilelik bildirmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Türkmenabadyň arassaçylyk gulluklarynyň işgärleri, şol sanda Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri her gün tas ähli köçeleriň gyralarynda we seýilgählerde arassaçylyk işlerini geçirýärler. Elleri bilen otlary, çaýyrlary goparyp, pil bilen ýer depip çykýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 26-njy ýanwarda maglumat berdi.

Onuň tassyklanmagyna görä, häzir şäheriň 5-6 ýyl bäri arassalanmadyk böleklerinde, şol sanda Magtymguly pyragy seýilgähinde hem arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär.

“Işgärler wokzalyň golaýyndaky Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenabat boýunça ýeketäk heýkeliniň duran seýilgähiniň ot-çaýryny indi baş gün diýende hem aýryp bilmeýärler. Bu seýilgähiň ot-çaýry bäş ýyl bäri aýrylmandyr, ýer depilmändir” diýip, şäheriň arassaçylyk işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Şäher häkimliginiň arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän işgärleri edara-kärhanalara aýlanyp, ýolbaşçylara binalaryň abatlanmandygy barada käýinip, olardan ak hek satyn almagy hem talap edýärler.

“Olar binalary, haýatlary we ýodalary ak hek bilen boýap, hamala, arassa we abatlanan ýaly görkezjek bolýarlar. Olar edara ýolbaşçylaryna näme şu heki satyn almak kynmy?’ diýip, gatyrganýarlar. Şondan soň ýolbaşçylary haltasy 25 manatdan satylýan hek satyn aldylar” diýip, lebaply býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz bu duýduryşlardan soňra býujet işgärleriniň tas ählisine dynç günlerinde öz işleýän edara-kärhanalaryna baryp, ýowar geçirmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.

“Edara-kärhanalaryň binalarynyň käbir böleklerini, haýatlary we ýodajyklary ak hek bilen boýamak işleri eýýäm 26-njy ýanwardan geçirilip başlandy. Merkezi köçeleriň ugrunda ýerleşýän hususy jaýlaryň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň haýatlary ak hek bilen boýalýar. Bu hek bir gezek ýagyş ýagýança durýar” diýip, habarçymyz belledi.

Sebitde arassaçylyk işleriniň güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Ýöne býujet işgärleri muňa öňki prezidentiň Mara eden sapary döwründe sebitiň arassaçylygyna nägilelik bildirmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Lebabyň häkimiýetleri hem, öňki prezidentiň öňümizdäki günlerde sebite etmegine garaşylýan saparynyň dowamynda welaýatyň arassaçylygyna nägilelik bildirmeginden aladalanýarlar” diýip, býujet işgäri belledi.

Marynyň häkimiýetleri ýurduň G.Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda sebite eden saparyndan soň, güýçli depginde ýowar geçirip başladylar. Şonda býujet işgärleriniň ençemesi şäher häkimliginiň wekillerine salgylanyp, muňa öňki prezidentiň Maryda "agzyna gum bölejikleriniň girmeginiň" sebäp bolandygyny aýdypdy.

Lebaply býujet işgärleriniň tassyklamagyna görä, sebitde G.Berdimuhamedowyň agzyna gum bölejikleriniň girendigi barada maglumat ýok. Ýöne häkimligiň işgärleri öňki prezidentiň Maryda çölüň içinden geçýän ýoluň ugrunda zir-zibiliň köpdügi barada nägilelik bildirendigini aýdýarlar.

“Şol sebäpli Türkmenabat-Mary gara ýolunyň ugry boýunça 46 kilometre çenli aralykda arassaçylyk işleri hem geçirilýär. Býujet işgärleri ýoluň ugruna zyňlan paketleri, plastik boklaşkalary toplap alyp, gara ýoldan bir az uzakdaky gumuň içine gömüp çykýarlar” diýip, býujet işgäri belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Lebabyň häkimiýetleri G.Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparyna şu aýyň ortalarynda taýýarlyk görüp başladylar. Resmi media bu taýýarlyklar we onuň sebäpleri barada habar bermeýär.

Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden maglumat bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
“Agzyna gum giren” G.Berdimuhamedow Marydan gidensoň, sebitde ýowar geçirilip başlandy
Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Maryda dowam edýän ýowar arassaçylyk işgärlerini surnukdyrýar
G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi
G.Berdimuhamedowyň Mara eden sapary müňlerçe adamyň hereketini çäklendirdi