Maryda dowam edýän ýowar arassaçylyk işgärlerini surnukdyrýar

Maryda dowam edýän ýowar arassaçylyk işgärlerini surnukdyrýar

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara eden saparyndan soň, sebitde geçirilip başlanan arassaçylyk işleri heniz hem dowam edýär. Jemagat hojalygy we Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri günde 16 sagada çenli işledilýändiklerini, emma goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Öňki prezidentiň Mara eden saparyndan soňra, güýçli depginde geçirilip başlanan arassaçylyk işleri jemagat hojalygy we Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleriniň boýnuna juda agram salýar.Her gün dürli arassaçylyk we abatlaýyş işlerine çekilýän bu işgärler irden sagat 7:30-da öýden çykyp, gije sagat 11-12-de öýlerine gelýärler” diýip, Mary şäheriniň Galkynyş köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4-nji Öý dolandyryş müdirliginiň bir işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Bu işgärler gündelik iş wagtynyň dowamynda şäheriň köçeleriniň, seýilgähleriniň arassaçylygyny üpjün edýärler. Olaryň iş wagty sagat 17:30-da tamamlanandan soň, işgärler baglaryň düýbüne ak hek çalmak, köçeleri reňklemek işlerine çekilýärler.

Şeýle-de, olar orta mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň we söwda merkezleriniň üçeklerini gök reňke boýaýarlar.

“Biz gündelik iş wagtymyzdan soňra ýene 6 sagat işlesek-de, biziň aýlyk haklarymyzyň üstüne 1 manat hem goşulmaýar” diýip, arassaçylyk işgäri anonim şertde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý bilen bagly arassaçylyk işgärleriniň ençemesi edara ýolbaşçylaryna nägileliklerini beýan etdiler. Olar ýolbaşçylardan artykmaç işlän sagatlary üçin goşmaça hak tölenmegini hem talap etdiler.

“Başlygymyz bize işlejek bolsaňyz işläň, bolmasa, anha gapy, işden çykyp gidip bilersiňiz’ diýip jogap berdi. Soňra-da ol Marynyň arassaçylygyna talaba laýyk seredilmändigi üçin häkimiň käýinç alandygyny aýdyp, häzirki arassaçylyk işleriniň gaty uzaga çekmejekdigini, ýene üç güne ýetmän işleriň tamamlanjakdygyny we hemmeleriň öňki iş tertibi boýunça işlejekdigini hem belläp, işgärleri köşeşdirmäge çalyşdy” diýip, arassaçylyk işgäri belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Marynyň häkimiýetlerinden, şol sanda Jemagat hojalygy müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Marynyň häkimiýetleri ýurduň öňki prezidenti, häzir Halk Maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda Mara eden saparyndan soň, sebitde güýçli depginde arassaçylyk işlerini geçirip başladylar.

Şonda býujet işgärleriniň ençemesi şäher häkimliginiň wekillerine salgylanyp, bu çärelere badalga berilmegine öňki prezident Mara gelip gürlände, tozanly howa zerarly onuň agzyna gum bölejikleriniň girmeginiň sebäp bolandygyny aýdypdy.

“G.Berdimuhamedow häkime welaýaty gaty hapa saklaýandygyny hem aýdyp, tiz wagtda arassaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrypdyr we oňa käýinç yglan edipdir” diýip, býujet işgäri gürrüň beripdi.

Bu waka, soňky ýyllarda, hususan-da, soňky aýlarda Maryda tozanly ýeliň ýygy-ýygydan gaýtalanýan we munuň bilen bagly, sebitde gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly howanyň saklanyp galýan mahalyna gabat geldi. Sebitde şuňa meňzeş tebigy hadysa soňky gezek 9-njy ýanwarda bolupdy.

Habarçylarymyz tozanly howa zerarly köçeleri, binalary, ulaglary, ýollaryň ugrundaky arçalary gum, tozan basýandygyny habar berip gelýärler. Şeýle-de, olar häkimiýetleriň bularyň arassaçylygyny üpjün etmekde kynçylyk çekýändigini hem aýdýarlar.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň mejbury arassaçylyk işlerine çekilmegi, şeýle-de gündelik iş sagadyndan artykmaç işledilmegi we munuň üçin goşmaça hak tölenmezligi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Geçen ýylyň awgustynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ençeme işgäri soňky ýyllarda iş orunlarynyň yzygiderli kemeldilmeginiň, özleriniň iş ýüküniň dowamly artmagyna getirendigini habar berdi. Şonda olar özleriniň günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini hem aýdypdylar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu aýdylanlar barada aç-açan mesele gozgap, maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi
“Agzyna gum giren” G.Berdimuhamedow Marydan gidensoň, sebitde ýowar geçirilip başlandy
Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi
Balkan Interneti çäklendirip, howpsuzlygy güýçlendirip, G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Döwlet TW-si bir enäniň "gerdenindäki agyr ýük" barada eden çykyşyny görkezdi