Aşgabatda Çagalar — durmuşyň gülleri atly tans festiwaly geçirildi

Aşgabatda Çagalar — durmuşyň gülleri atly tans festiwaly geçirildi

Watan kinokonsert merkezinde çagalaryň we ýetginjekleriň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Çagalar — durmuşyň gülleri atly aýdym-sazly tans çykyşlary geçirildi diýlip, Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Çagalaryň halkara güni mynasybetli guralan bu tans festiwaly Türkmenistanyň at gazanan artisti, ýokary derejeli Watan tans baýragynyň laureaty Ýekaterina Begenjowanyň ýolbaşçylygynda we guramaçylygynda geçdi.

Tans festiwalynyň dowamynda 11 sany tans tälimçileriniň taýýarlamagynda 22 sany tansly çykyş ýerine ýetirildi.

Sahnada görkezilen çykyşlara gatnaşan 320 çaganyň hatarynda 3 ýaşlyja iň kiçi tansçynyň hem bardygyny bellemek gerek. Bu ýerde halk tanslary, breýk, lezginka, mýuzikllerden bölekler ýaly dürli tanslar tomaşaçylara görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar her toparyň çykyşyny elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Dabaradan çykyş edenleriň ählisi baýraklar bilen sylaglandylar. Tans festiwaly Türkmenistanyň Çagalar gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Elektroulag bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar
Türkmenistanly ýetginjek stol tennisçiler Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar
24-nji iýunda Aşgabatdan Moskwa ýolagçy uçuşy amala aşyrylar, kosmonawt Oleg Kononenko 58 ýaşady, Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň bahalarynyň monitoringi geçiriler we beýleki habarlar