Aşgabatda Euronews Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Aşgabatda Euronews Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen Euronews Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar babatynda bellediler. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem duşuşykda halkara maglumat giňişliginde uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar beýan edildi. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň netijesinde gol çekilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen Euronews kompaniýasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň bentleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we “Euronews” teleýaýlymy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
Save the Children: 2023-nji ýylda 10 million çaga ýaşaýan ýerini terk etdi
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 milliard adamyna ýetiriler
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar
Santa şu gün ýola düşýär