Santa şu gün ýola düşýär

Santa şu gün ýola düşýär

Täze ýyl baýramyna sanaýmaly gün galdy, şonuň üçin şu gün — şenbe agşamy planetanyň baş jadygöýi Santa-Klaus her ýylky syýahatyna ýola düşer. Ol çagalara sowgat alyp barýar diýip, Euronews.com habar berýär.

23-nji dekabr agşamy Santa-Klaus özüniň Laplandiýadaky öýüni terk edip, dünýäniň çar künjegindäki çagajyklara Täze ýyl sowgatlaryny paýlamak üçin ýola ugrar.

Santa suguna goşulan tirkeginde bütin planetany aýlanar. Ýeri gelende aýtsak, Santany watany Finlýandiýada Ýoulupukki diýip atlandyrýarlar.

Jadygöý gojanyň we onuň kömekçileriniň ugruny Santa Tracker internet goşundysy arkaly yzarlap bolar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kolumbiýada 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
14 ýaşynda uniwersitetden uçurym boldy: “Space X”-de işe başlaýar
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
Hindistanyň ykdysadyýeti 2075-nji ýylda ABŞ-dan öňe geçer