Hindistanyň ykdysadyýeti 2075-nji ýylda ABŞ-dan öňe geçer

ABŞ-nyň iri banklarynyň biri bolan “Goldman Sachs”-yň bilermenleri Hindistanyň ykdysadyýeti barada täze çaklamalary ýaýratdylar.Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýurt 2075-nji ýyla çenli ABŞ, Germaniýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan öňe geçip, dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly ikinji ýurduna öwrüler. 2030-njy ýylda bolsa, Hindistan dünýäde üçünji orna çykar. Ýurtda tehnologiýa babatda gazanylýan ösüşler, köp mukdardaky maýa goýumlary we işçi güýjüniň netijeli işlemegi ýurduň ösüşine goşant goşar. “Goldman Sachs”-yň Hindistan boýunça ykdysatçysy Santanu Sengupta ýurtda girdejiniň artmagy netijesinde has köp maýa goýumyň özleşdiriljekdigini mälim etdi.

Bilermen işlemäge ukyby bolan ýaşdaky adamlaryň sanynyň çagalardan we garrylardan köp bolmagynyň maýa goýumlary aňsatlaşdyrýandygyny belledi.

Golaýda ýurt ilat sany babatda Hytaýdan öňe geçip, dünýäde birinji orna çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kolumbiýada 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
14 ýaşynda uniwersitetden uçurym boldy: “Space X”-de işe başlaýar
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar