Aşgabatda geçirilen Baky polk ýörişine 1 müňden gowrak adam gatnaşdy

Aşgabatda geçirilen Baky polk ýörişine 1 müňden gowrak adam gatnaşdy

Şenbe güni Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň ýardam bermeginde Baky polk ýörişi geçirildi. Mekdebiň çäginde geçirilen çärä, TASS-yň habar bermegine görä, 1,2 müň adam gatnaşdy.

Çäräniň açylyş dabarasynda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň geňeşçisi Wladimir Nestoýanow söz sözläp, dabara gatnaşyjylaryň hemmesini rus ilçihanasynyň adyndan 1945—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli gutlady hem-de bu senäni hatyralandyklary üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol öz çykyşynda Baky polk çäresiniň ähmiýetini belledi.

- Bu çäre häzirki ýaşap ýörenlere, aramyzda gezip ýören weteranlara hem-de tylda zähmet çekenlere minnetdarlykdyr. Olar häzir şu ýerde, şu meýdanda. Olara köp sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem biziň ata-babalarymyzyň, umumy gahrymançylygymyzyň hormatynyň, taryhy hakydanyň bu ýurtda saklanýandygy üçin ýurduň ýolbaşçylaryna, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýdýaryn - diýip, Wladimir Nestoýanow öz çykyşynda aýtdy.

A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiri Irina Kuminowa bu çäräniň 2015-nji ýyldan bäri geçirilýändigini, bu gün bolsa oňa 1,2 müň adamyň hatarynda okuwçylaryňdyr mugallymlaryň ençemesiniň gatnaşýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Eýranda ýolagçy otlusy aýazly howa sebäpli ýolda galdy
Ysraýylyň Guran Operasiýasynda Palestinaly 2 Ýetginjek Ýogaldy
Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär