Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň bijeleri çekildi

Geljek ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklyda, 31 ýygyndy 4 zolakda 8 toparçada çykyş ederler. Şolaryň 15-si hem-de ýer eýesi hökmünde Türkmenistanyň ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşarlar.Muňa garamazdan, Türkmenistanyň futzal ýygyndysy saýlama tapgyrynda-da çykyş eder. Çempionata taýýarlyk hökmünde boljak bu duşuşyklarda milli toparymyz Merkezi we Günorta Aziýa zolagynda “B” toparçada Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen bije çekişdi.

Bu toparçanyň oýunlary 16-27-nji oktýabr aralygynda Eýranda geçiriler.Türkmenistanyň futzal ýygyndysy birinji duşuşygyny Eýranyň, 2-nji duşuşygyny bolsa, Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirer. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýa zolagynyň “A” toparçasyny Özbegistanyň, Täjigistanyň, Nepalyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary düzdüler.Gündogar zolagyň “A” toparçasynda Hytaýyň, Hytaý Taýpeýiniň, Gonkongyň, Mongoliýanyň, “B” toparçasynda bolsa, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de Makaonyň futzal ýygyndylary duşuşarlar.Günbatar zolakda-da 2 toparça bolup, “A” toparçada Yragyň, Bahreýniň, BAE-niň, Palestinanyň, Kuweýtiň, “B” toparçada-da Liwanyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň hem-de Omanyň futzal ýygyndylary çykyş ederler.ASEAN zolagynyň bijeleri ozaldan belli bolup, “A” toparçada Tailandyň, Mýanmanyň, Gündogar Timoryň, Kambojanyň, “B” toparçada-da Wýetnamyň, Malaýziýanyň, Awstraliýanyň hem-de Indoneziýanyň milli toparlary özara güýç synanyşarlar.

Bu zolagyň saýlama oýunlary 2127-nji oktýabr aralygynda Wýetnamyň Hoşimin şäherinde geçiriler.Saýlama tapgyrynda Merkezi we Günorta Aziýa zolagynyň hem-de Günbatar zolagynyň 2 toparçasynda-da 12-nji orny eýelänler final tapgyryna ýollanma alarlar.

Gündogar zolagyň toparçalarynyň ýeňijileri hem-de 2-nji ýeri eýelänleriň arasynda oýnaljak pleý-offuň ýeňijisi, Günbatar zolagynyň toparçalarynda 3-nji ýeri alanlaryň arasynda geçiriljek pleý-offuň ýeňijisi Aşgabatdaky çempionata gatnaşarlar.

ASEAN zolagyndan bolsa, özara geçiriljek oýunlardan soň, 3 ýygyndy 16-njy Aziýa çempionatyna wekilçilik ederler.Mahlasy, Merkezi we Günorta zolakdan 4, Gündogar zolakdan 3, Günbatar zolakdan 5, ASEAN zolagyndan 3, milli ýygyndymyz bilenem jemi 16 topar ýurdumyzda geçiriljek çempionata gatnaşar.Aziýa çempionatynyň final tapgyry 2020-nji ýylyň 27-nji fewraly — 9-njy marty aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

Bu çempionatyň netijesinde yklymyň 5 güýçli ýygyndysy 2020-nji ýylda Litwada geçiriljek Dünýä çempionatynda Aziýanyň adyndan wekilçilik eder.

Ýene degişli makalalar

Futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparymyzyň ýaryşdaky bäsdeşleri belli boldy
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
“Türkmenhowaýollary” täze Boingleri satyn alýar, emma içerki gatnawlary kemeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna gatnawlary açýar
Dünýäniň has ösen innowasion banklary