Aşgabatda Mihail Bulgakowyň 130 ýyllygyna bagyşlanan immersion oýun görkezildi

Aşgabatda Mihail Bulgakowyň 130 ýyllygyna bagyşlanan immersion oýun görkezildi

Mihail Afanasýewiç Bulgakowyň doglan gününiň 130 ýyllygy mynasybetli, ARTist teatrynyň aktýorlarynyň taýýarlan Bulgakow immersion oýny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Rus öýünde görkezilip, uly üstünlik gazandy. Oýun Mihail Bulgakowyň iň meşhur üç eseriniň: It ýüregi, Zoýkanyň öýi hem Ussat we Margarita eserleriniň ajaýyp parçalaryny öz içine alýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron gazeti habar berdi.

Immersion teatr oýny Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýär. Bulgakowyň özüniň-de ajaýyp hyýalbent we täzelikçi bolandygyny göz öňünde tutsak, bu adaty däl we özboluşly teatryň hut şonuň eserlerini saýlamagynda käbir alamatlar bar.

Immersion teatr bu sungatyň iň häzirki zaman görnüşlerinden biridir. Immersion sözi iňlis dilinden terjime edilende, çuňňur aralaşmak manysyny berýär. Ýagny tomaşaçylar hem şol bir wagtyň özünde oýna gatnaşýarlar, olar aktýorlar bilen bir meýdançada bolýarlar, erkin hereket edip we hatda edebi gahrymanlar bilen gürrüňdeş-de bolup bilýäler.

Aktýorlara: Berekella! diýmelidiris olar uly hyjuw bilen oýnadylar. Tatýana Öwezmyradowadan (professor Preobraženskiý), Rişat Kanibetowdan (Şarikow), Anuş Potarakdan (Zoýka), Mariýa Durdyýewadan (Alla), Nina Supankodan (Margarita), Igor Annagylyjowdan (Ussat), Wasiliý Andronowdan (Woland) ybarat ajaýyp aktýor topary “Bulgakow” oýnuny unudylmaz esere öwürdi.

Synag şowly geçdi, tomaşaçylar Bulgakowyň özlerinden edil iki ädimlikdäki gahrymanlaryndan uly lezzet aldylar.

Ýene degişli makalalar

Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
Jeýn Birkin aradan çykdy
Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar
Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy
Arnold Şwarseneggeriň ogly Called to Duty filminde baş keşpde surata düşdi
Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy