Adatdakylar ýaly, Aşgabatda azyk önümleriniň paýlanyşynda tertip-düzgün ýok: olary dürli etraplarda dürli wagtlarda paýlaýarlar. Olaryň düzümi her gezek üýtgeýär, olary paýlaýanlar hem satyjylar paýkalar we olaryň geljekgi paýlanyşy babatda dürli maglumatlary berýärler.
Azyk önümleriniň ahyrky paýlanyşynda Aşgabatdaky etraplaryň biriniň ýaşaýjysyna aýtmaklaryna görä,mundan beýläk paýkalar 15 günden bir gezek, ýagny, öňkiler ýaly aýda üç gezek dälde, aýda iki gezek paýlanar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Häzir paýka şeker, ösümlik ýagy, towuk ýa-da towuk budy, şeýlede towuk ýumurtgasy girýär. Owal 10 ýumurtgadan paýlanardy, ahyrky gezek 20 sany berdiler.
Adamlar paýka ýerli unyň goşuljakdygyna umyt edýärler.
“HT-niň”çeşmeleriniň biriniň maglumatyna laýyklykda, şeýle un Marydaky we Balkandaky ýaşaýjylaryň paýkalarynda peýda boldy. Soňky döwürde paýtagtdaky käbir etraba paýkanyň ýanynda kir ýuwulýan poroşok hem getirilipdir we ony azyk önümleri bilen birlikde hökman satyn almaly.
Bir paýka 6 adama niýetlenen, eger maşgalada 7 adamdan köp agza bolsa, onda iki paýka almagy mümkin.
Paýka almak üçin maşgala agzalarynyň pasportlarynyň we dogulyş şahadatnamasynyň nusgasyny ýaşaýan etrabyndaky paýka paýlamaga jogapkär dükana eltip bermeli.
Paýkalaryň paýlanyşynda resminalary talap etme sentiýabryň ortalarynda başlanypdy.
Eger maşgalada 7 adamdan köp agza bar bolsa, onda jaý edarasyndan 3 sanly güwänamany we jaýda ýazgyda duranlaryň ählisiniň resminalaryny dükana hödürlemeli. Bular bolmasa, paýka paýlanmaýar. Döwlet dükanlarynyň ýolbaşçylary muny şol güwanamalary söwda ministrligine ýollaýandyklary bilen düşündirýärler. Mundan soňra dükana şol maşgala iki paýka bermäge rugsat edilýär.
Aşgabadyň beýleki etrabyndan gowşan maglumata görä, ahyrky paýkalarda ýumurtganyň sany köpeldi, ýöne,beýleki azyklar ýok. Owal paýkada 10 ýumurtga bolsa, soňra 15 sany, 18-19-njy noýabrda bolsa, 20 ýumurtga boldy.
Şol bir wagtda,soňky iki gezek (10 günden bir paýlandy) towuk ýa towuk budy, şeker ýokdy.
Şeýlede bellemeli zat, sentiýabryň başlarynda paýka daşaýanlaryň habar bermegine görä, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýkalary aýda bir gezek paýlarlar. Emma, entegem 10 günden bir paýlaýarlar.
“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna laýyklykda, Bagtyýarlyk etrabynyň Köşi toplumynda maşgalada näçe ägza ýazgy edilendigine garamazdan, bir paýka paýlaýarlar. Noýabra çenli her maşgala bir paýkadan paýladylar.
Ahyrky gezek Parahat-7 ýaşaýyş etrapçasynyň ilatyna berilen paýkada ösümlik ýagy ýokdy.Döwlet dükanlarynyň satyjylary hem mundan buýana paýkalaryň aýda bir gezek paýlanjakdygyny alyjylara duýdurdylar.The post Aşgabatda paýkalary aýda bir ýa iki gezek paýlamak meýilleşdirilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
