HT Aero uçýan awtoulaglaryny eýýäm 2024-nji ýylda çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

HT Aero uçýan awtoulaglaryny eýýäm 2024-nji ýylda çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijisi Xpeng tarapyndan hemaýatkärlik edilýän HT Aero kompaniýasy eýýäm 2024-nji ýylda özüniň uçýan apparatlaryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin ol daşarky maýadarlardan 500 million dollardan gowrak pul toplady. Bu barada msn.com habar berdi.

HT Aero markasy öz gözlegleri üçin goýulýan maýa goýumlaryny diňe uçýan däl-de, eýsem, ýerden ýöreýän apparatlaryň täze modelini döretmek üçin hem peýdalanar.

Şeýle hem kompaniýanyň öz uçýan awtoulagyny 2024-nji ýyldan başlap çykaryp ugrajakdygy, has takyk seneleriniň bolsa birneme soňrak mälim ediljekdigi aýdylýar.

Elektrik dik uçuş we gonuş (eVTOL) ulaglary diýlip atlandyrylýan uçýan awtoulaglar soňky döwürde awtoulag pudagynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Häzirki wagtda Hyundai, Lilium ýaly beýleki awtoulag markalary hem öz uçýan ulaglarynyň üstünde işleýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzümine goşuldy
Akyly Tilsimat hojalyk jemgyýeti programmirlemegiň esaslary boýunça maslahat beriş okuwlary üçin talyplary işe alýar
AFK-nyň kubogy ― 2021: sebitleýin finalyň Nasaf ― Ahal duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar
ITEA Halkara akademiýasy HTML / CSS okuwyna 20 göterim arzanladyş yglan edýär
Türkmenistanyň premýer-ministriniň OHT boýunça orunbasary suw resurslary paýlaşmak we haryt dolanyşygyny ösdürmek üçin Daşkende sapar etdi
Aşgabatda paýkalary aýda bir ýa iki gezek paýlamak meýilleşdirilýär