Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasy gurlar

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77

Ýene degişli makalalar

Daşoguz we Balkan welaýatynda Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar
Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin halkara tenderi yglan edildi
Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýi abatlanylar
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň täze binasy gurlar
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR TÄZE DEREJÄ ÇYKÝAR
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Kepil audit maslahat HK audit pudagynda hyzmatlary ýetirýär