Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy, Gazagystanyň wekiliýetine bolsa Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory ýolbaşçylyk etdi.Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, raýatlaryň hukuklaryny goramak, konsullyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek we halkara hukugynyň belli bir ugurlary babatynda aragatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar şeýle hem degişli edaralaryň arasynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we amaly gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Maslahatlaryň netijeleri boýunça degişli Beýannama gol çekildi we taraplar konsullyk ulgamyndaky türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Daşkentde geçirilen C5+1 duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady
Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi
Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär
Raşid Meredow: Türkmenistan Hytaý bilen iri taslamalarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Baş diplomaty Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy