Aşgabatda UNFPA-nyň gender meseleleri boýunça Geňeşçisi kabul edildi

Aşgabatda UNFPA-nyň gender meseleleri boýunça Geňeşçisi kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň deň gatnaşmak ýörelgelerini güýçlendirmeklige gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtadylar.

Duşuşykda UNFPA bilen gender taýdan deňligi, reproduktiw saglygy we beýleki ugurlary ösdürmek, şeýle hem bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşmalar boldy.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň 1996-njy ýyldaky BMG-niň aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara Konwensiýasy we onuň 2009-njy ýyldaky Goşmaça Teswirnamasy boýunça borçnamalaryna ygrarlydygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşdy
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Stambul Türkiyäniň iň köp ilatly şäheri
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal