Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilmegine görä, duşuşykda taraplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň deň gatnaşmak ýörelgelerini güýçlendirmeklige gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň 1996-njy ýyldaky aýal-gyzlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek Konwensiýasy we onuň 2009-njy ýyldaky Goşmaça teswirnamasy boýunça borçnamalaryna ygrarlydygy beýan edildi diýlip habarda bellenilýär.

Mundan başga-da, UNFPA bilen gender taýdan deňligi, reproduktiw saglygy we beýleki ugurlary ösdürmek, şeýle hem bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek babatynda has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşmalar boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda UNFPA-nyň gender meseleleri boýunça Geňeşçisi kabul edildi
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Stambul Türkiyäniň iň köp ilatly şäheri
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal