Aşgabatda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky moda sergisiniň soňky güni geçirildi

Aşgabatda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky moda sergisiniň soňky güni geçirildi

Şu gün Aşgabat moda öýünde türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagyna bagyşlanan jemleýji moda görkezişleri geçirildi.

Bu gün bu ýerde türkmen milli halylarynyň we haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Çäräniň çäginde Mähirli Zenan, Nur Ýüpek, Peýker we Aşgabat moda öýleriniň taýýarlan milli lybaslarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bilelikdäki serginiň dowamynda her moda öýi üç sany ýörite tikilen lybasy hödürledi.

Saz kompozisiýalary we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky jaz orkestriniň çykyşy moda forumyna bezeg berdi.

Çäre gatnaşyjylaryň we hyzmatdaşlaryň ählisine şahadatnamalaryň we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy bilen tamamlandy.

Mundan ozal Aşgabatda ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky moda sergisiniň ikinji gününiň geçirilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Mähirli gutlag
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR