2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda paýtagtymyzda Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek atly klimat dialogy geçirildi. Çäre Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy.
MDKG 3.0 bu ýurduň gaýtadan seredilen milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, bilermenler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesi boýunça zenanlary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky ýol kartasynyň esaslary taýýarlanyldy.Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi.
Biz zenanlaryň baý tejribesiniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwrülmegine çalyşýarys.MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir diýip, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmadowa garaýyşlaryny paýlaşdy.
Ynamly kepil merkezinde geçirilen bu çärä dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, şol sanda Ýaş tebigatçy guramasynyň işjeň agzalarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.
