Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

22-nji dekabrda paýtagtymyzda Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we aýallaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek atly klimat dialogy geçirildi. Çäre Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy.

MDKG 3.0 ýurduň gaýtadan seredilen Milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, ekspertler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) Ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça aýallary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky Ýol kartasynyň esaslary taýýarlandy.

Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi. Biz aýallaryň baý tejribesiniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwrülmegine çalyşýarys. MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir — diýip, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmadowa garaýyşlaryny beýan etdi.

Ynamly Kepil koworking merkezinde geçirilen bu çärä dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, şol sanda Ýaş tebigatçy guramasynyň işjeň agzalarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Zenan we tebigat atly döredijilik duşuşygy geçirildi
Türkmen ýokary okuw mekdepleri Lomonosow 2026 halkara maslahatyň geçirilmegine gatnaşdylar
TÜRKMEN ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI LOMONOSOW 2026 HALKARA MASLAHATYŇ GEÇIRILMEGINE GATNAŞDYLAR
Çybyn çakmagyndan 100% goraýan mata döredildi
Aşgabat aktiwistleri susdurmak praktikalaryny dowam etdirýär