Aşgabatdaky birnäçe söwda we hyzmat kärhanalary hususylaşdyrylar

Aşgabatdaky birnäçe söwda we hyzmat kärhanalary hususylaşdyrylar

Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki birnäçe söwda dükanlary, restoran we söwda öýi hususylaşdyrylar. Hususylaşdyrmaklyk ol kärhanalaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken bu Kararynyň ýerine ýetirilişine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gözegçilik eder.Belläp geçsek, bu resminama Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Saud Arabystany Sudana Ýardam Konferensiýasyna Ýer Eýeçiligini Eder
Seýil edeliň bu jahana Singapuryň täsinlikleri
Kalbymyň owazy
“KALBYMYŇ OWAZY”
Stambul 18 Ýyl Soň Ikinji Gezek Çempionlar Ligasyna Ýer Eýeçiligini Eder