Aşgabatdaky sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyna 4 sany halkara güwänama gowşuryldy

Aşgabatdaky sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyna 4 sany halkara güwänama gowşuryldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde 9-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň Wozroždeniýe önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.

Açylyş dabarasynda döwlet Baştutany bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygynyň 49 kilometre barabardygyny, desgalar toplumynyň gurluşygynda täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleriniň, şeýle hem häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanylandygyny belledi.

Desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, şeýle hem 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar.

Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, bu desgalar toplumyny gurmakda türkmen we russiýaly hünärmenler örän giň gerimli işleri ýerine ýetirdiler. Ol işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň we Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy hem-de degişli sertifikatlar bilen berkidildi.

Döwrebap desgalar toplumy üçin halkara güwänamalaryň dördüsi, ýagny:

Ýene degişli makalalar

Ilçi Wolynkin: Türkmen-rus ýyllyk söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçdi
Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy
Sil suwuny sowujy desgalar toplumy açyldy
Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi
Türkmenistanyň iki welaýatynda KAMAZ hyzmat ediş merkezleri açyldy
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...