Ilçi Wolynkin: Türkmen-rus ýyllyk söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçdi

Ilçi Wolynkin: Türkmen-rus ýyllyk söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçdi

Soňky bäş ýylda Russiýa her ýyl söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýän Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri boldy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin bu barada Azerbaýjanyň Trend habarlar agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Diplomat türkmen dokma we azyk türkmen önümleriniň Russiýa importy, takmynan iki esse ýokarlandy.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ýokary derejede ösdürilýär, şol sanda ýörite döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ulag hyzmatdaşlygyna degip geçen ilçisi Russiýanyň demir ýollarynyň gatnaşmagynda soňky tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle-de elektron maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak bilen, üstaşyr-ulag ýükleriniň daşalýan mukdaryny artdyrmak üçin, türkmen hyzmatdaşlary bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy. Şunda bäsdeşlik nyrh şertlerini döretmek we köptaraplaýyn logistika kompaniýalary arkaly goşmaça mukdarda ýük daşamak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, taraplar halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ulaglaryň mukdaryny köpeltmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn ähmiýet berýärler.

Diplomatyň pikiriçe, ulag geçelgesiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Hazar deňziniň boýundaky awtoulag ýolunyň ugruna goşulmak bilen, multimodal mümkinçilikleriň ösdürilmegi, Russiýanyň Wozroždeniýe kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Umuman, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýalan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada bellenilip geçildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Aşgabatdaky sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyna 4 sany halkara güwänama gowşuryldy
Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy
Sil suwuny sowujy desgalar toplumy açyldy
Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi
Türkmenistanyň iki welaýatynda KAMAZ hyzmat ediş merkezleri açyldy