Sil suwuny sowujy desgalar toplumy açyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu inženerçilik desgasynyň gurulmagy bilen, Aşgabadyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym hem ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçiligi döredildi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde ýurdumyzyň resmi adamlary tarapyndan garşylanan hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi.Soňra ýörite gurnalan mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahatda döwlet Baştutanymyz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Onda paýtagtymyzda durmuş-üpjünçilik meseleleriniň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berjek bu iri inženerçilik desgasynyň gurluşygyna ýokary baha berildi.

Täze açylýan desganyň gurluşygyny alyp baran Russiýa Federasiýasynyň Wozroždeniýe taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatonyň çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna Aşgabat şäherinde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň ýokary hilini, özboluşlylygyny we ekologik taýdan durnuklylygyny tassyklaýan laýyklyk güwänamalary gowşuryldy.

Munuň üçin Russiýadan degişli bilermenler hem-de Sigmacert halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlary kompaniýasynyň wekili paýtagtymyza geldiler.

Täze desgalar toplumynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda açylyş toý bagyny kesdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde döwrebap suw sowujy enjamlaryň işleýiş tertibi bilen tanyşdy we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna täze gulluk awtoulaglarynyň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Ilçi Wolynkin: Türkmen-rus ýyllyk söwda dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçdi
Aşgabatdaky sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyna 4 sany halkara güwänama gowşuryldy
Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy
Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi
Türkmenistanyň iki welaýatynda KAMAZ hyzmat ediş merkezleri açyldy
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...