Türkmenistanyň iki welaýatynda KAMAZ hyzmat ediş merkezleri açyldy

Türkmenistanyň iki welaýatynda KAMAZ hyzmat ediş merkezleri açyldy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda KAMAZ kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň açylyş dabaralary boldy. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

KAMAZ kysymly awtoulaglaryň täze okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň ulag ulgamynyň, KAMAZ FTC Corp. LLP kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr ýaşlar, şeýle-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Mary welaýatynda döredilen okuw we hyzmat ediş merkezi Askan hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatyndaky merkez bolsa Awtotrans hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Geçen ýylyň güýzünde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde şu binalar ýaly okuw we hyzmat ediş merkeziniň ulanyşa goýberilendigini bellemek bolar. Ol Türkmenistanda birnäçe ýyllar bäri üstünlikli iş alyp barýan Sankt-Peterburgyň Wozroždeniýe önümçilik birleşigi tarapyndan guruldy. Ýatlap geçsek, bu ugurda ilkinji KAMAZ okuw we hyzmat ediş merkezi Aşgabat şäherinde 2008-nji ýylda açyldy.

Mundan öň, has takygy 2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ministrliklerine, degişli pudaklaýyn edaralaryna we kärhanalaryna KAMAZ awtoulaglaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýarlylyk berýän Karara gol çekipdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy
Maryda we Lebapda KamAZ-yň okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy
Aşgabatda Magtymgulynyň ýadygärligini açmaga näme üçin howlukmaýarlar?