Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy

Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýekşenbe güni ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalar — “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy.

“KamAZ FTC Corp. LLP” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen bu desgalaryň her gün 10 ulaga çenli hyzmat etmek mümkinçiligi bar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirlendir.

“KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berlipdi.

“KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň açylyş dabaralaryna ýurdumyzyň ulag ulgamynyň, “KamAZ FTC Corp. LLP” kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçen ýylyň noýabr aýynda “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezi açyldy.

Ýene degişli makalalar

Maryda we Lebapda KamAZ-yň okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Aşgabatda Türkmen-tatar işewürler maslahaty öz işine başlady
Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar