Maryda we Lebapda KamAZ-yň okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy

Maryda we Lebapda KamAZ-yň okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy

25-nji sentýabrda Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalaryň — KamAZ kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.

Tehniki taýdan hyzmat etmegiň nobatdaky merkezleriniň gurulmagy döwlet Baştutanynyň strategiýasynyň durmuş-ykdysady ugurlarynyň biri bolup, ulag ulgamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyry hasaplanýar.

Döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalary KamAZ FTC Corp.

LLP kompaniýasy bilen “KamAZ” kysymly awtoulaglary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almaga şertnamalary baglaşyp bilýärler.KamAZ kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berildi.

KamAZ FTC Corp.LLP kompaniýasynyň buýurmasy boýunça Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan merkezleriň her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdyr.

Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi.

Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir. Ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi şaýlary gysga wagtda çalyşmaga mümkinçilik berer.KamAZ kysymly awtoulaglar üçin nobatdaky okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara ýurdumyzyň ulag ulgamynyň, KamAZ FTC Corp.

LLP kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda we Maryda “KamAZ” okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär
Bereketli Ulag HJ KAMAZ awtotehnikalaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar