Bereketli Ulag HJ KAMAZ awtotehnikalaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär

Bereketli Ulag HJ KAMAZ awtotehnikalaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär

Bereketli Ulag hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň kärhanalaryna we edaralaryna KAMAZ markaly awtoulag tehnikalaryny hem-de öňdebaryjy rus ýük awtoulag öndürijisiniň zerur ätiýaçlyk şaýlaryny, şeýle-de düzüm böleklerini üpjün etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

KAMAZ dizelli ýük awtoulaglaryny, týagaç ulagyny we samoswallary, traktorlary, kombaýnlary, şeýle hem awtobuslary we elektrobuslary öndürýär.

KAMAZ awtoulag tehnikalary Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda — ýaşaýyş we ýol gurluşygy, ýük daşamak, oba hojalygy we magdançylyk pudagynda giňden ulanylýar. Ähli gerekli ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmagy dürli görnüşli KAMAZ ulaglarynyň depginli we üznüksiz işlemegi üçin esasy şertleriň biridir.

Bereketli Ulag eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistany KAMAZ awtoulag tehnikalary, şeýle hem öndürijiniň ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlary we düzüm bölekleri bilen gysga möhletde hem-de amatly bahalardan üznüksiz üpjün edýär. Bu babatda gurluşyk kompaniýalaryny we guramalary, senagat kärhanalaryny hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Türkmenistanda KAMAZ awtotehnikalaryny almak meselesinde kompaniýanyň şu salgydaky ofisine ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 75 22 04.

Ýene degişli makalalar

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar
Türkmenistanda KamAZ-yň elektroawtobuslary synagdan geçirilýär
Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi