Türkmenistanda KamAZ-yň elektroawtobuslary synagdan geçirilýär

Russiýanyň wekiliýetiniň iş saparyny amala aşyrmagynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynda KamAZ kompaniýasynyň baş müdiri Sergeý Kogogin häzirki wagtda KamAZ tarapyndan Türkmenistanyň howa şertlerinde synag etmek üçin iki sany elektrik awtobusynyň we has çalt zarýad beriş stansiýasynyň getirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň howasynda enjamlary barlamak üçin iki sany KamAZ elektrik awtobusy we aşa çalt zarýad beriş stansiýasy getirildi. Bu döwrebap enjamlar Ahal welaýat häkimligine, Türkmenawtoulaglary agentligine we Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna hödürlendi diýip, Kogogin sözünde nygtady.

Öňdebaryjy ýük awtoulaglary bilen giňden tanalýan kompaniýanyň müdiri netijeli hyzmatdaşlygyň subutnamalarynyň biriniň hem 1982 awtoulag bilen üpjün etmek baradaky esasy şertnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolup durýandygy dogrusynda habar berdi.

Ýeri gelende hyzmatdaş wekiliň habar bermegine görä, 2023-nji ýylda KamAZ kompaniýasynyň ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda hem hyzmat ediş merkezini açmagy meýilleşdirýändigini belläp geçmek bolar. Bu hyzmat ediş merkezi KamAZ-yň ýurdumyzdaky bäşinji merkezine öwrüler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär
Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar
Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Aşgabatda Türkmen-tatar işewürler maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanda Türkiýede bolup geçen ýertitremede aradan çykanlaryň we ejir çekenleriň hatyrasyna sadaka berildi, Aşgabatda üç sany lukmançylyk merkeziniň düýbi tutuldy, Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy köpçülige ýetirildi