Aşgabatda Magtymgulynyň ýadygärligini açmaga näme üçin howlukmaýarlar?

Aşgabatda Magtymgulynyň ýadygärligini açmaga näme üçin howlukmaýarlar?

Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde, "Saglyk ýolunyň" golaýynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik toplumy 2021-nji ýylda guruldy. Emma ol henizem resmi açylmady. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häkimiýetleriň yglan eden bu abraýly obýektiniň henizem açylmazlygynyň sebäplerini anyklamaga synanyşdy.

Türkmen edebiýatynyň klasygy şahyr we filosof Magtymgulynyň Aşgabatda gurlan äpet heýkeli uzakdan görünýär. Heýkeliň beýikligi 60 metr, onuň aşagyndaky binýady - 30 metr. Bu ýadygärlik birnäçe ýyl öň, eýýäm ulanylmaga berlen beýleki kaşaň desgalar bilen bir wagtda gurulypdy.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, ýadygärligiň täze tribuna we beýleki desgalar bilen birlikde Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylypdy.

Magtymgulynyň ýöräp barýan şekiliniň awtory, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saraht Babaýew şahyryň Russiýa Federasiýasynda (Stawropol we Astrakhan) we Türkiýede (Ankara) dikilen heýkelleriniň awtory. Gurluşygyň müşderisi Aşgabadyň häkimligi, potratçysy bolsa aşgabat şäheri häkimliginiň 2-nji gurluşyk-montaž edarasy.

"Öz tagallalary bilen bürünçden şekil taýýarlamak kararyna gelindi, Änewdäki senagat zolagynda üç müň inedördül metrden gowrak meýdanda ullakan ussahanany döretdiler we müň tonna töweregi bürünç sarp etdiler. Emma "öz güýji bilen" alnyp barylan işlerde bir ýalňyşlyk gitdi. Gigantomaniýa endigi şowsuz netije berdi" - diýip, bu ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, dikilen heýkel öňe egilip başlady we bürünç detallar çat açdy we jaýryldy. Ony arka tarapyndan saklamak üçin ýörite demir baglary ulanmaly boldy. Şol bir wagtyň özünde golaýda ýerleşýän "Saglyk ýoluny" hem ýapmaly boldy.

Azatlyk Radiosynyň heýkeliň açylyşynyň uzaga çekilmeginiň sebäplerini Aşgabadyň häkimliginden anyklamak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Sankt-Peterburgly kompaniýa Russiýanyň "Wozroždeniýe" paýdarlar jemgyýetiniň Magtymgulynyň täze ýadygärligini mugt döwrebaplaşdyrýandygy barada habar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şonda gol çeken kararynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli berjaý ediljek işleriň "Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligini dikeltmek we oňa degişli ýerleri abadanlaşdyrmak maksady bilen" amala aşyryljakdygy aýdyldy.

Ýurduň häkimiýetleri şondan bäri ýadygärligi açmak meselesini agzamadylar.Onuň açylyşynyň yza tesdirilmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş bolmady. Ýöne soňky ýyllarda hünärmenler paýtagtda uly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy bilen baglanyşykly problemalar barada habar berip, esasy sebäplerini topragyň aýratynlygy bilen baglanyşdyrdylar.

Topragyň durnuksyzlygy we ýerasty suwlar Aşgabat-siti proýektiniň gurluşygyny doňdurypdy. Ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp müňlerçe maşgalanyň jaýsyz galmagyna sebäp bolan şol gymmatbaha desganyň 2020-nji ýyldan bäri gozganman dur.

Magtymgulynyň heýkelini gurmak üçin edilen çykdajylaryň we ony gaýtadan dikeltmek üçin göz öňünde tutulýan çykdajynyň möçberi köpçülige mälim edilmedi.

2018-nji ýylda Magtymgulynyň ýadygärligini öz içine alýan birnäçe uly proýektiň gurluşygy yglan edilende agzalan resmi sanlara görä, hökümet 43 milliard ABŞ dollary möçberinde serişde bölüp berendigini mälim etdi. Şonda ýurduň "ösüşi we güllemegi üçin" diýlip, yglan edilen obýektleriň sanawyna birnäçe kaşaň myhmanhana, Halkara Kongres merkezi, "Senagat" we "Türkmenbaşy" banklarynyň binalary, türkmen şahyry Magtymguly we täze hökümet tribunasy girdi.

Hökümet tribunasy we beýleki desgalar işe girizildi. Mundan başga-da, paýtagtda beýik türkmen akyldarynyň ýadygärligi açylmasa-da, alabaý itiniň altyn heýkeli we äpet welosiped skulpturasy ýaly desgalar dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda her ýyla bir şygar bellemek boýunça ýyllarboýy dowam edýän däbe görä, 2024-nji ýyl üçin “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” şygary saýlandy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
Aşgabatdaky sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyna 4 sany halkara güwänama gowşuryldy
Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy
Sil suwuny sowujy desgalar toplumy açyldy
Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi
Türkmenistanyň iki welaýatynda KAMAZ hyzmat ediş merkezleri açyldy