Aşgabatdaky täze Robbo Klub robototehnika merkezi okuwlar bilen tanyşmak üçin tölegsiz sapaklary geçirýär

Aşgabatdaky täze Robbo Klub robototehnika merkezi okuwlar bilen tanyşmak üçin tölegsiz sapaklary geçirýär

Ýakynda Aşgabatda täze açylan Robbo Klub robototehnika we erkin programmirleme merkezi 5 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri gyzyklanma sapaklaryna çagyrýar.

Robbo Klub merkeziniň wekili ýörite Turkmenportal web saýtynyň okyjylary üçin bu ýerde geçirilýän okuwlaryň tapawutly taraplary barada gürrüň berdi:

- Okuwyň abraýy. Robbo Klub — bu bilim merkezleriniň halkara tory bolup, oňa dünýä ýüzi boýunça jemi 100 000-den gowrak çaga gatnap bilim almak bilen, başarnyklaryny kämilleşdirýär. Kompaniýanyň ýerlerdäki wekillikleri Finlandiýa, Ýaponiýa hem-de Hytaý ýaly ýurtlarda hereket edýär.

- Bilimiň hili. Merkezde okatmagyň öňdebaryjy usulyýetlerinden peýdalanylmagy öwrenilýän zatlary gowy özleşdirmäge hem-de okuwdan lezzet almaga kömek edýär. Çaganyň öwrenýän bilimleri eýýäm bir aýdan netije berip başlaýar.

- Döredijilikli çemeleşme. Öwrenijilere robotlary ulanmakda we olary öz täze pikirleri bilen kämilleşdirmekde doly erkinlik berilýär.

- Goşmaça çykdajy ýok. Okuwyň tölegine çagalaryň ulanjak ähli zerur enjamlary hem girýär.

Robbo Klub merkeziniň çagalara öz robot taslamasyny döretmegi öwredýändigini hem ýatladýarys. Okuwyň dowamynda öwrenijiler 3D modelirlemek, shema tehnikasy we programmirlemek ýaly bilimleri özleşdirerler.

Mundan başga-da, bu ýerde okuwy tamamlan ähli öwrenijilere soňlugy bilen daşary ýurtlarda IT-pudagy ugrundan okap bilim almak üçin halkara şahadatnama gowşurylýar.

Robbo Klub tehnologiýa dünýäsine gadam basmak isleýänleriň ählisine gapylaryny giňden açdy we şol sebäpden hem 8, 10 we 11-nji noýabr günlerinde bu ýerde geçilýän okuwlar bilen tanşyp görmek üçin tölegsiz sapaklary guraýar. Şeýle hem açylyş dabarasy mynasybetli Robbo Klub merkezine ýazylan ilkinji 50 çaga üçin iki aýyň okuw tölegi 10% arzanladylýar.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Klubuň rekordyny goýdy
Türkmenabatda ilkinji kibersport kluby açylar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
“Çelsi” fransiýaly ýyldyzy transfer etdi
Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
Mançester Siti näçe pul baýragyny gazandy?