Aşgabatdaky ZIP 90 restorany maşgala we iş dabaralaryny guraýar

Aşgabatdaky ZIP 90 restorany maşgala we iş dabaralaryny guraýar

ZIP 90 restorany Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dürli dabaralary doglan günleri, ýubileýleri, toýlary, iş banketlerini we beýleki dabaralary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Ýakymly gurşaw, milli we Ýewropa aşhanasynyň tagamlarynyň dürli görnüşleri we baş aşpeziň ussatlygy, şeýle hem dabaralary guramakda uly tejribesi bolan hünärmenler topary wagtyňyzy rahat geçirmegiňize we gündelik aladalardan dynç almagyňyza kömek eder.

ZIP 90 restorany aýdym-saz toparlarynyň we aýdymçylaryň dürli usulda ýerine ýetirýän çykyşlaryny, baýramçylyk aksiýalaryny we mowzuklaýyn şüweleňleri yzygiderli guraýar. Myhmanlar üçin ýakymly bonus hökmünde belli bir tagamlara we içgilere arzanladyş boýunça dürli ýörite teklipler berilýär.

Bu ýere gelýän myhmanlara açyk eýwan, bilýard otagy, karaoke otagy, şeýle hem milli usulda bezelen zal hyzmat edýär.

ZIP 90 restoranynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 160, Balyk Tagamlary binasy. Habarlaşmak we stollary bronlamak üçin telefonlar: (+993 12) 24 31 27 we (+993 12) 24 31 28. Restoranyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Bellik: habar Sarayan kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we Turkmenportal internet neşirinde mahabat gazanyň aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Soltan restoranynda ertirlik: güni datly we ýokumly tagam bilen başlamak
Paýtagtyň iň tagamly dönerleri: Aşgabadyň datly tiz tagam taýýarlaýan kafeleriniň sanawy
Solaris restorany: durmuşyňyzda täze gastronomik täsirleri açyň
Aşgabat gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş