AST boýunça wise-premýere tiz-tizden etraplara aýlanmak, kanallary arassalamak we suwy tygşytlamak tabşyryldy

AST boýunça wise-premýere tiz-tizden etraplara aýlanmak, kanallary arassalamak we suwy tygşytlamak tabşyryldy

6-njy maýda geçen hökümet mejlisinde agro-senagat toplumy boýunça wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew oba hojalyk pudagyndaky ýagdaýlar barasynda prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Şeýlede wise-premýer şugundyr tohumyny we oba hojalyk ekinleri üçin mineral dökünler satyn almak barada kararyň taslamasyny hem hödürledi we oňa prezident gol goýdy.

Şonuň ýalyda,kiçi Berdimuhamedow ekin ekilen ýerleriň suwarylyşyny, derýalaryň, kanallaryň ýagdaýlaryny, olaryň arassalanyşyny we suw tygşytlaýan enjamlaryň ornaşdyrylyşyny analizlemegi hem tabşyrdy.

Ýatlatsak, hut şeýle görkezmeleri 2017-2018-nji ýyllarda öňki prezident hem beripdi.

Kiçi Berdimuhamedowyň belleýşiçe, wise-premýer garamagyndaky ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary bilen tiz-tizden etraplara aýlanmaly, daýhan birlşikleriniň işleri we oba hojalgynda reformalar boýunça maksatnamalar bilen ýerlerde tanyşmaly, şeýlede olara zerur kömekleri etmeli.

Ýatlatsak, 3-nji maýdaky hökümet maslahatynda prezident Ahal,Daşoguz we Mary welaýatynyň häkimlerine Milli oba hojalyk maksatnamasyny ýerine ýetirmändikleri üçin käýinç yglan edipdi.The post AST boýunça wise-premýere tiz-tizden etraplara aýlanmak, kanallary arassalamak we suwy tygşytlamak tabşyryldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

E.Orazgeldiýew oba hojalyk boýunça wise-premýer wezipesinden boşadyldy
Prezident söwda toplumyna we oba hojalygy pudagyna gözegçilik edýän iki orunbasaryny işden boşatdy
Prezident azyk ýetmezçiligini gytaklaýyn tassyklap, iki orunbasaryny täzeledi
Türkmenistanda söwda we oba hojalygy boýunça wise-premýerler täzelendi
Daşoguz welaýatynyň häkimine berk käýinç yglan edildi
Prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden nägile
Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz berer