Prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden nägile

Prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden nägile

30-njy maýda prezident Serdar Berdimimuahmedow welaýat ýolbaşçylary bilen sebitleri ösdürmek, oba hojalyk we galla oragy kampaniýasyna taýýarlyklar barada adaty iş maslahatyny geçirdi TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Daşoguz welaýatynyň häkimi Nyýazmyrat Nyýazmyradowyň hasabatyndan soňra kiçi Berdimuhamedow sebitde oba hojalyk işleriniň pesdigi we olaryň gurnalyş derejesiniň pesdigine nägilelik bildirdi.

Emma, oňa hem beýleki welaýatlaryň ýolbaşçylary ýaly tabşyryklar berildi:galla oragyna taýýarlanmaly, ýüpek pilesini ýygnamagy tamamlamaly, galla we pagta ekinlerine ideg etmeli, şeýlede desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tabşyrmaly.

Welaýat ýolbaşçylaryna aýratyn görkezme berilip, 1-nji iýundaky Halkara Çagalar günini, 3-nji iýundaky Bütindünýä Welosiped günini, 5-nji iýundaky daş gurşawy goramak barada Bütindünýä günini dabaraly ýagdaýda bellemek tabşyryldy.

Mundan başga-da, galla orýan ulaglaryň we däne daşaýan awtoulaglaryň bökdençsiz hem ýokary önümçilikli işlerini üpjün etmek häkimlere tabşyryldy.

Ýakynda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” beren maglumatlaryna laýyklykda, Lebap welaýatynda kombaýnçylar “Jon Deere” we “Case” ulaglarynyň remonty hem işe ukyplylygyny üpjün etmäge borçlandyryldy.

“Obahyzmat”birleşiginiň ýolbaşçylary galla oragyndan soňra ähli çykdajynyň aýlyklar hem baýraklar bilen tölenjekdigini söz berýär we bu olaryň ýygnan dänesiniň möçberine bagly.

Şol bir wagtda, ekin meýdanlarynda galla orýan ulaglary boş duran kärendeçilere kombaýnlaryň galla orýan pyçaklarynyň kütelmeginiň we döwülmeginiň esasy sebäbine öwrülen haşal otlary arassalamak buýruldy.

AST gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew galla oragyna taýýarlyk, şeýlede Ahal we Balkan welaýatlarynda ýüpek pilesiniň ýygnalyşynyň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Ahyrky mejlisde Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek pile meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigi barada prezidente habar berildi.The post Prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden nägile first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda daşary ýurt tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär
Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy