Astana daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň saparyna taýýarlyk görýär

Astana daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň saparyna taýýarlyk görýär

Gazagystanyň paýtagty golaý günlerde ýurda sapar bilen geljek daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny garşylamaga taýýarlyk görýär diýip, MIR 24 ýazýar. Munuň bilen baglylykda, şäherde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Şu hepdäniň penşenbe gününde Fransiýanyň Lideri Emmanuel Makronyň resmi sapary başlanar. Ol Gazagystana Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça gelýär. Soň Wengriýanyň Hökümet başlygynyň saparyna garaşylýar.

3-nji noýabrda Astanada Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçer. Oňa TDG-niň agza-ýurtlarynyň Baştutanlary Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşar. Sammite gurama synçy ýurtlar bolan Wengriýanyň we Türkmenistanyň Liderleri hem gelerler.

Soňky gezek Astanada geçen ýylyň oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçdi, oňa 11 döwletiň Baştutanlary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar
Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy
Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR