AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar

AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar

Aşgabat şäher telefon ulgamy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we telekommunikasiýa hyzmatlary üçin öz wagtynda tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar.

Hyzmatlar üçin tölegi AŞTU-nyň resmi web sahypasynda Altyn Asyr we Rysgal bank bank kartalary bilen, şeýle hem iOS we Android üçin ykjam programmalarda onlaýn arkaly amala aşyrylyp bilinjekdigini bellemelidiris.

Müşderiler üçin AŞTU torunyň merkezi ofisinde ýörite terminallar oturdyldy. Bu aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlarynyň giň toplumyny özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

AŞTU-nyň müşderileri şahsy hasaby barada jikme-jik maglumatlary 0787 gysga belgä SMS iberip anyklap bilerler. 0787 gysga belgiden müşderiniň şahsy hasabynyň (internet, IPTV, şäher telefon) möçberi barada maglumat bilen SMS habary geler.

Aşgabat şäher telefon ulgamy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary üçin töleg usullary barada jikme-jik maglumaty (+993 12) 42 72 22 belgä jaň edip anyklap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Belet Film hyzmatyny bir ýyllyk garaşaryna berilýän Belet Box týunerinde birikdirip bilersiňiz
Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir
U-20 ýygyndylaryň arasyndaky CAFA ― 2023 çempionatynyň Täjigistan ― Türkmenistan duşuşygy Futbol teleýaýlymy tarapyndan alnyp görkeziler
Futbol teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer