Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir

Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp maksatly Çapar ykjam programmasynyň Maglumathana bölüminde dürli ugurlar boýunça giň gerimli maglumat almak mümkindir.

Telefon maglumathanasy ulanyjylar üçin Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň telefon belgilerini onlaýn görnüşde elýeterlilik mümkinçiligini döredýär. Ykjam programmadaky ähli maglumatlar soňky ýyllarda telefon belgilerine we kodlara girizilen ähli üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp ýerleşdirilendir. Islendik telefon belgisine gönüden-göni ykjam programmadan jaň etmek mümkindir.

Ulanyjylar sowal-jogap we heläkçilik gulluklarynyň, döwlet we etrap guramalarynyň, tiz kömek gulluklarynyň, howa menzilleriniň, myhmanhanalaryň, kafeleriň, otelleriň we beýlekileriň belgilerini alyp bilerler.

Şeýle hem Maglumathana bölüminde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň, şeýle hem ýurduň ilatly nokatlarynyň poçta bölümleriniň maglumatlary (salgysy, belgisi) ýerleşdirilendir.

Ýatlatsak, ykjam programma Google Play-de we App Store-de ýükläp almak üçin elýeterlidir. Şeýle-de onuň kömegi bilen Türkmenpoçtanyň çaparyny çagyrmak we ýollamalary yzarlamak, gaz, suw, elektrik energiýasy, Älem TV hemra teleýaýlymy we Belet Film onlaýn kinoteatry üçin tölegleri, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy sebäpli jerimeleri tölemek, ykjam we öý telefonlarynyň, internetiň, kabel telewideniýesiniň we IPTV-niň hasabyny doldurmak mümkindir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Çapar ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär
AŞTU: Belet Film hyzmatyny bir ýyllyk garaşaryna berilýän Belet Box týunerinde birikdirip bilersiňiz
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer