“ASYRLARA ÝAŇ SALÝAN TÜRKMEN MIRASY” atly ylmy maslahat geçirildi

“ASYRLARA ÝAŇ SALÝAN TÜRKMEN MIRASY” atly ylmy maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýet ulagamynda täze ösüşler giň gerim alýar. “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybetli ýurdumyzda her ýyl medeniýet hepdeligi geçirilýär.

Bu bolsa mähriban Diýarymyzda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiligine goýulýan uly sylag-hormatyň, sarpanyň nyşanydyr. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Medeniýet hepdeligi Mary welaýatynyň Mary şäherinde uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty “Türkmenistan ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar” atly şygar astynda 2022-nji ýylyň 25-nji iýunynda Mary welaýat kitaphanasynda “Asyrlara ýaň salýan türkmen mirasy” atly bilelikdäki ylmy maslahatyny geçirildi.

Ylmy maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Mary welaýat häkimligi tarapyndan guraldy.

Maslahatda dana pederlerimizden miras galan ruhy hazynamyza, medeni däplerimize bagyşlanan temalar boýunça çykyşlar edildi.Ylmy çykyşlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň, Gadymy Merwiň milli medeniýetiniň umumadamzat gymmatlygy hökmündäki ähmiýeti, taryhy mirasymyzy gorap saklamakda Türkmenistanyň ÝUNESKO guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy, olaryň dünýä medenýetindäki mynasyp orny, ata-babalarymyzdan galan mirasymyzyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki hyzmaty, olary dünýä ýüzüne ýaýmak baradaky gyzykly hem tapylgyzsyz maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý mirasyny çuňňur, hertaraply, ylmy taýyndan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Döwlet Baştutanymyz “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi