Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmekligi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň Howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýtmalydyrys. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar.

Şol bir wagtda biz dünýä bileleşiginiň metan babatda ählumumy borçnamany amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanda Metan boýunça ählumumy borçnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky Ýol Kartasy tassyklandy. Bu resminama ýakyn wagtda Guramanyň Sekretariatyna iberiler.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerine has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi.Bu meselelere seredilende belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol birwagtda düýpli ekologiýa töwekgelçilikleriniň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly.

Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär.

Bu Merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Biz bu Merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Döwlet Baştutanymyz “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy