Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek boýunça Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisiniň çäklerinde gurama agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri mejlisiň işine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň degişli wekilleri tarapyndan agzalan Konwensiýanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän birnäçe maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Ýagny, Medeni dürlilik boýunça Halkara gaznasy, Norwegiýa tarapyndan maliýeleşdirýän ÝUNESKO-Aşberg taslamasy we Şwesiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalar.

Agzalan mejlis ÝUNESKO agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyny raýat jemgyýeyiniň gatnaşmagynda durmuşa geçirmäge ygrarlydygynynyň aýdyň subutnamasy boldy.

2021-nji ýylyň iýul aýynda ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny atly KARARNAMASY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar) atly KARARNAMASY
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy
“Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi