Italiýanyň çempionaty Serie A-da Ýuwentusa bassyr 3 tapgyrdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.Milandan 42 utulan Ýuwentus Atalanta bilen 22 oýnanyndan soň, myhmançylykda Sassuolo bilenem 33 deňme-deň oýnady. Çempionlygyň beýleki bir dalaşgäri Lasio toparyna-da pursatdan peýdalanmak başardanok.
Rimliler yzly-yzyna 3 ýeňlişden soň, Udineze bilen golsuz deňme-deň oýnadylar. 33-nji tapgyrda Atalanta öz meýdançasynda Breşiýany 62 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda Paşaliç 3 gezek tapawutlandy.Bergamolylar şu möwsümde 6-njy gezek 5-den köp golly ýeňiş gazandylar.
Atalanta ýene-de 7 gol geçirse, onda 59 ýyldan soň, Serie A-da 100 gol geçiren ilkinji topar bolar. Ýene-de 15 gol geçiren ýagdaýynda bolsa, çempionatyň rekordyny täzelärler.
Soňky 2 duşuşykda 7 gol geçirip, 6 utuk toplan Inter 2-nji orna beýgeldi.Möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda, Ýuwentus bilen Interiň arasynda 6 utuk aratapawut bar. 34-nji tapgyrdaky ÝuwentusLasio, RomaInter duşuşyklaryndan soň, çempionlygyň has-da güýjemegi mümkin.
