“Atletiko Madrid” “Walensiýanyň” fransuz ýarymgoragçysyny transfer etdi

“Atletiko Madrid” “Walensiýanyň” fransuz ýarymgoragçysyny transfer etdi

Kondogbia Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary “Walensiýanyň” fransiýaly ýarymgoragçysy Žoffre Kondogbiany transfer etdi. 27 ýaşly oýunçy madridliler bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Atletiko Madrid” topary Kondogbia üçin “Walensiýa” klubuna 15 million ýewro tölär. Lukmançylyk barlaglaryndan geçirilen futbolçy eýýäm täze toparynyň düzümine goşuldy. Simeoneniň tälim berýän topary “Atletiko” Kondogbiany tomusda “Arsenala” ugradan ganaly ýarymgoragçysy Tomas Partiniň ornuna transfer etdi.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” arany açýar
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
Simeone “Barselonany” ilkinji gezek ýeňdi we katalonlaryň 29 ýyldaky iň şowsuz başlangyjy
Messiniň Barselonadaky 800-nji oýnunda katalonlylar Atletikodan ýeňildi
Ertir “La Liganyň” 90-njy möwsümine badalga berler