“Atym bar ganatym bar” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

“Atym bar  ganatym bar” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Atym bar ganatym bar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň uçar ganaty, ahalteke bedewlerimizi seýisläp ýetişdirmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk suratkeşler hem ýyndam bedewlerimiziň ajaýyp suratlaryny uly höwes bilen çekdiler.

Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Bedewlerimiz toýlarymyzyň bezegi
Ahalteke atym uçar ganatym
Atym bar ganatym bar
Gözelligiň nusgasy türkmen bedewi
2024-nji ýylyň marty iň maýyl aý boldy
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal