Awazadaky Gämiler muzeýi dünýäniň iň meşhur gämileriniň nusgalaryny hödürleýär

Awazadaky Gämiler muzeýi dünýäniň iň meşhur gämileriniň nusgalaryny hödürleýär

Awaza milli syýahatçylyk zolagy myhmanlaryna köp sanly güýmenje hyzmatyny: attraksionly seýil baglaryny, welotrekleri, aýdym aýdýan çüwdürimleri, akwaparklary, ýaht-klublary we başga-da köp zatlary teklip edýär. Tomus dynç alşynda baryp boljak gyzykly ýerleriň arasynda ‒ muzeýiň Gämiler dünýäsi atly sergi otagy-da bar.

Awaza atly emeli derýanyň kenarynda muzeýiň gämiler sergisi bar. Toplumda iň meşhur gämileriň ― Britaniýanyň transatlantik Titanik bug gämisinden başlap, harby-deňiz gämileriniň 70-den gowrak nusgasy bar.

Agaçdan we beýleki serişdelerden ýasalan ýelkenli gämileriň we fregatlaryň nokatma-nokat takyklykdaky nusgalary öz döwrüniň asyl nusgalaryny göz öňüňde dikeldýär. Her nusganyň ýanynda türkmen we iňlis dillerinde ýazylan maglumat bar.

Muzeýe gelenler motorly gaýyga münüp, ýatdan çykmajak gämi gezelenjini-de amala aşyryp bilerler. Ýedi kilometr uzynlykdaky gämi gatnawly Awaza derýasy şypaly şäherjigiň boýundan-başyna uzalyp gidýär. Suw ýoly Hazar deňziniň kenarynyň golaýyndan geçýär. Derýa suwy kuwwatly turba geçiriji ulgamyň kömegi bilen Hazardan alýar.

Muzeý her gün işleýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň uly gezelenç gämisi ilkinji ýüzüşe ugrady
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile
iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy
110 ýyldan soňra surata düşürildi